TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ 8-NJI SAMMITINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) sekizinji mejlisine gatnaşmak üçin Türkiýäniň Stambul şäherine iş sapary bilen ugrady.

«Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler» şygary astynda geçýän nobatdaky mejlise Türki geňeşiň agza-döwletleri we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy döwlet bolan Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan mähirli garşylady.

Mejlisiň gün tertibi örän baý bolup, Döwlet Baştutanlary Geňeşiň geljegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bu ugurda birnäçe wajyp çözgütleri kabul etdiler. Şonuň ýaly-da, häzirki sebit hem-de halkara ähmiýetli syýasy we ykdysady wakalar dogrusynda giňişleýin pikirler alyşyldy.

Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda eden çykyşynda, Türkmenistanyň Prezidenti bu duşuşygyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hormatly myhman hökmünde bu formatda geçirilýän gepleşiklere yzygiderli gatnaşýar. Şu gün, nobatdaky mejlisiň barşynda Türkmenistanyň türki dilli döwletleriň bileleşigine synçy döwlet hökmünde kabul edilmegi barada çözgüt kabul edilýär. Bu taryhy taýdan aýratyn ähmiýetli möhüm wakadyr, çünki ol Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen özara hereketleriniň täze tapgyrynyň başyny başlaýar, diýip Milletiň Lideri belläp geçdi.

Şu nukdaýnazardan, bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen, Türkmenistan ykdysady hem-de söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli hem-de maksada gönükdirilip pugtalandyrylmagyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýändir.

Şunlukda, ekologiýa, energetika we ulag ýaly strategiki ulgamlarda ýurtlaryň ähmiýetili mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Geňeşiň ýöriteleşdirilen halkara düzümleri, hususan hem BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş Geňeşi bilen bilelikdäki hereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy arkaly, türki dilli döwletleriň oýlanşykly bitewi strategiýasynyň işlenilip düzülmeginiň maksadalaýyklygy beýan edildi.

Bu ugurda ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy boýunça ýurtlaryň halkara gün tertibiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerindäki özara hereketleriň ösdürmegiň zerurlygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, nobatdaky duşuşyk Türkmenistanyň doganlyk döwletler bilen özara gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Bu ynam biziň köpasyrlyk umumy tejribelerimize, garyndaşlyk gatnaşyklarymyza, ruhy hem-de ahlak gymmatlyklarymyzyň we dessurlarymyzyň mizemezligine hem-de bölünmezligine esaslanandyr.

Bu duşuşyk oňa gatnaşyjylar tarapyndan hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin oňyn meýdança boldy. Gatnaşanlar ynsanperwerlik düzüjisiniň nazarda tutulmagynda ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa we medeniýet ulgamlarynda özara kabul ederlikli gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegi dogrusynda pikirleri alyşdylar.

Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça «2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsiniň Konsepsiýasy» tassyklanyldy, Türkmenistanyň Geňeşe synçy-döwlet hökmünde kabul edilmegi baradaky çözgüt kabul edildi. Mundan başga-da, hyzmatdaş-ýurtlaryň hem-de synçy-döwletleriň derejeleri kesgitlenildi.

Mejlisiň barşynda şeýle-de oňa gatnaşyjylar 8-nji Sammitiň jemleýji resminamasyny – Stambul jarnamasyny kabul etdiler, şonuň ýaly-da türki dilli döwletleriň bileleşiginiň çäklerinde köpugurly gepleşikleriň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna itergi berjek ähmiýetli resminamalaryň ençemesine seredip geçdiler.