RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Dek

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 78-nji mejlisiň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan şu aşakdaky kararnamany kabul etdi: "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny". Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Kararnama, ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde, energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek...

DOWAMY
pic
21 Dek

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan aşakdaky kararnamany kabul etdi: "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek". Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen bu kararnama 47 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi. Bu kararnama agza döwletleri durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we transport infrastrukturasynyň dowamly işlemegi...

DOWAMY
pic
19 Dek

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjanyň Premýer-ministri A.Asadow, Belarusiýanyň  Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystanyň Premýer-ministri A.Smailow, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň başlygy, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy A.Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany M.Mişustin, Täjigistanyň Premýer-ministri K.Rasulzoda, Özbegist...

DOWAMY
pic
14 Dek

Türkmenistanyň DIM-nde ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýygnak geçirildi

2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda daşary syýasatymyzyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýygnagyny geçirdi. Ýygnagyň çäklerinde daşary syýasat edarasynyň düzüm birlikleriniň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyklarynyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda işiniň esasy ugurlar...

DOWAMY
pic
11 Dek

Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2023-nji 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäple...

DOWAMY
pic
11 Dek

“Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara forumy boýunça press-reliz

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Halkara bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahaty geçirildi. Forumyň umumy mejlisine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary he...

DOWAMY
pic
4 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär. Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikit...

DOWAMY