RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda...

DOWAMY
pic
3 Iýun

Türkmen-katar syýasy geňeşmeleri geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kataryň wekiliýetine Kataryň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pi...

DOWAMY
pic
1 Iýun

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. Baýramçylyk çäresi Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan sergä aýlanyp görmek, şeýle hem dabara gatnaşýan çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etmek bilen başlandy. Maslahatyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata...

DOWAMY
pic
3 Maý

Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda Geňeşiň mejlisi öz işini iki sessiýanyň çäklerinde dowam etdi. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026-2030-njy ýyllar üçin çarçuwaly Maksatnamasyny» (UNDAF) taýýarlamak boýunça öňde goýulan wezipeler bilen baglanyşykly meselel...

DOWAMY
pic
30 Apr

Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-njy mejlisine gatnaşmagy

2024-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda geçirilýän BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Agzalan mejlis «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen geçirildi. Geçirilen çäre bilen bir hatarda, BMG-niň Baş Assamble...

DOWAMY
pic
29 Apr

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň duşuşygy

2024-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz Rais Rustam Minnihanowy g...

DOWAMY
pic
29 Apr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 28-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi....

DOWAMY