Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň umumy maslahatlaşmalar hepdesi başlandy.
Sessiýa «Bilelikde işleşmek: parahatçylyk, ösüş we adam hukuklary ugrunda 80 ýyllyk hyzmatdaşlyk we öňe tarap ugur» atly şygar bilen açyldy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
BMG-nyň ştab-kwartirasyna geleninden soň, Prezident Serdar Berdimuhamedowy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar hem-de bilelikde surata düşdüler.
Soňra plenar mejlis öz işine başlady we gatnaşyjylara söz berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda mejlise gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen gutlady we hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hanym Annalena Berbogy Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, ozalky sessiýanyň dowamynda Baş Assambleýanyň işine netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin Ilçi Filemon Ýanga minnetdarlyk bildirdi.
Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti döwletleriň we halkara guramalarynyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, durnukly ösüş üçin şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady.
Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugrudygy bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti halkara hyzmatdaşlygyny, özara düşünişmegi we özara hormat goýmak dialogyny ösdürmekde Bitaraplyk ýörelgelerini dünýäde we sebitde durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün etmegiň esasy we kesgitleýji şerti hökmünde iş ýüzünde durmuşa geçirmäge çagyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýokary derejeli halkara forumyny geçirmäge taýýarlyk görýändigini belläp, halkara jemgyýetçiligini oňa işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Mundan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň halkynyň adyndan 1995-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen we Baş Assambleýanyň soňky iki Kararnamasy bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek baradaky çözgüt üçin BMG-ä agza döwletlere, tutuş dünýä jemgyýetçiligine minnetdarlyk bildirendigi aýratyn bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň mundan beýläk hem öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerjekdigini nygtady.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Watanymyza ugrady.