TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy
2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny hem-de wekiliýet agzalaryny mübärekläp, hormatly Prezidentimize Özbegistana gelmek hem-de YHG-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Prezi...
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmalar geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň geljegini ar...
TÜRKMENISTAN YRAGA TEBIGY GAZY EKSPORT EDER
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respubli...
TÜRKMENISTAN PALESTINA DÖWLETINE YNSANPERWERLIK KÖMEGINI IBERDI
Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer ugurly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek...
AŞGABAT ŞÄHERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriň toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, mugallymlar we talyplar, metbugat wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daş...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Gazgystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşdy. Şeýle hem sammite Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Wengriýanyň Premýer-ministri Wikt...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynynyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Gazagystanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine Gazagystana gelmek b...