TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Arkadagymyz ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygyny şanly ýaş toýy we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlady. Söhbetdeşligiň dowamynda...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi
2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işlerini...
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, medeniýet we sungat, ylym we bilim ulgam...
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji martynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň,...
Древняя культура Анау – бесценное достояние человечества
27 марта 2024 года в Доме культуры города Анау этрапа Ак бугдай Ахалского велаята состоялась Международная научная конференция «Древняя культура Анау» и стала одним из главных мероприятий по случаю провозглашения этого города культурной столицей тюркского мира в 2024 году. Как известно, данное решение было принято единогласно по итогам 39-го заседания Постоянного совета министров культуры стран-членов Международной организации тюркской культуры (ТЮРКСОЙ). Для участия в мероприятии были при...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada
2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhammedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri düýn Moskwa oblastynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly ýagdaý bilen baglanyşykly öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden gynanç...
Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty
Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär. Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi