RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Okt

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide fotosuratlar, şekillendiriş,...

DOWAMY
pic
12 Okt

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym Simona-Mirela Mikuleskunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Türkmenistanda bolup geçýän medeni-ynsanperwer häsiýete eýe bolan çäreleriniň ähmiýeti, hususan-da düýn Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatç...

DOWAMY
pic
12 Okt

Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hakynda

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow çakylygy kabul edip, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin goňşy ýurduň döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek mähir...

DOWAMY
pic
12 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin Pakistanyň Prezidentine m...

DOWAMY
pic
12 Okt

Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti öz ermeni kärdeşine çakylygy kabul edip, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.  Ermenistanyň Prezidenti halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, şeýle möhüm çäräniň iki ýurd...

DOWAMY
pic
12 Okt

Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Çärä Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pak...

DOWAMY
pic
11 Okt

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar: – Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň «TDH» bilen «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň Gazagystan Res...

DOWAMY