TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM ABŞ-NYŇ ILÇIHANASY BILEN BILELIKDE FOTOSERGI GURNADY
2021-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” maksatnamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan fotosergi gurnaldy. Çärä Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Medeniýet ins...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 4-nji maýynda TDIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly kararnamasy esasynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Taraplar şeýle-de hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary b...
DAŞARY IŞLER MINISTRI UKRAINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISINI KABUL ETDI
2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri we öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, giň gerimli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen iş ýüz...
TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 3-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň has hem pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler 2021-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taý...
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY DEREJELI WEKILIÝETI ÝEWRAZIÝANYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary boldy. 30-njy aprelde ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Kazan ratuşasynda geçirilen Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Wise-premýer Türkmenista...
GADYMY DESSURLARA WE KÖPASYRLYK DOSTLUKLY GATNAŞYKLARA YGRARLYLYK
2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi, onuň barşynda özarabähbitli türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän ýurduň Baş metjidinde agzaçar sadakasyn...