TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY
2021-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna sapary başlandy. Saparyň birinji gününde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedowyň HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwleti...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HHR-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 9-njy maýda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-nyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-nyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda bolan telefon arka...
MALAÝZIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rozli bin Abdul bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen tarapy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin Ilçi Rozli bin Abdul...
TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler minsitri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly birnäçe meseleleleri ara a...
BILIM WE YLYM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Italiýa Respublikasynyň Uniwersitetler we barlaglar ministri Kristina Messa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny, şeýle-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen hyzma...
TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER
2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, ukrain tarapyna bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.W.Ýenin ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2020-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde guralan geňeşmeleriň barşynda tar...
TELEFON SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYŇ IŞJEŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün 5-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Mereowdyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Taraplar şeýle-de 2021-nji ýylda Hökümetara toparyň mejlislerini geçirm...