Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

photo

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow, beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu ýerde Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Gahryman Arkadagymyza duz-çörek, milli tatar tagamy çak-çak hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň geçirilýän ýeri bolan “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezine geldi hem-de forumyň plenar mejlisine gatnaşdy.

Plenar mejlisiň açylyşynda Yslam banklarynyň we maliýe edaralarynyň baş geňeşiniň (CIBAFI) Baş sekretary Abdelila Belatik giriş sözi bilen çykyş etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Marat Husnullin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň foruma gatnaşyjylara iberen Ýüzlenmesini okady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi (çykyşyň doly teksti bilen şu salgy boýunça tanyşyp bilersiňiz https://www.mfa.gov.tm/tk/articles/1531 ).

Türkmenistan yslam ýurtlarynyň bähbitleriniň utgaşykly bolmagyny, olaryň özara düşünişmegini gazanmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň bähbitlidigine we geljeginiň uludygyna düşünmek üçin diplomatiýany gural hökmünde netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýar diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly gyzyklanma we üns bilen diňlenildi.

Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim çykyş edip, Kazanda geçýän forumyň ähmiýetini nygtady. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýan eden, ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky mümkinçilikleri, häzirki wagtda aýratyn ähmiýete eýe bolan innowasion işläp taýýarlamalary, emeli aňy ulanmaga degişli teklipleriniň derwaýysdygy bellenildi.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow ýygnananlara ýüzlendi. Ol Gahryman Arkadagymyza çuň manyly çykyşy we umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary okgunly ilerletmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

“Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Kazan Kremline tarap ugrady. Bu taryhy-binagärlik toplumynyň çäginde Tatarystanyň Baştutanynyň resmi kabulhanasy ýerleşýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň ikitaraplaýyn duşuşygyndan soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň adyndan günortanlyk nahar berildi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we Tatarystanyň Baştutany hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew söhbetdeş boldular. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi hem-de onuň kuwwatynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigi aýdyldy.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň biri bolan Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatryna baryp gördüler. Milli Liderimiz we Tatarystanyň Baştutany bu ýerde teatr zallarynyň enjamlaşdyrylyşy, döredijilik toparynyň netijeli işlemegi hem-de tomaşaçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilelikde Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline ugradylar.

Gahryman Arkadagymyz we Rustam Minnihanow mähirli hoşlaşdylar we iki doganlyk halka iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Watanymyza ugrady.

***

“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň çäklerinde “Kazan EKSPO halkara sergi merkezinde “Russia Halal EXPO 2025” halkara sergisi geçirilýär. Oňa Türkmenistan hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň milli pawilýony ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda hususy pudakda gazanylýan üstünlikler, uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan kuwwat bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.