SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji maýynda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbok bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilişi barada maglumat berdi. Bu ugurlar halkara syýasaty we howpsuzlyk, durnukly ösüş, howa gün tertibi hem-de ynsanperwer hyzmatdaşly...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 27-nji maýynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tara...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylyk döredijilik boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylyk döredijilik boýunça orunbasary Rozmari DiKarlonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, öňüni al...
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň esasy ugurlaryny, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuh...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň açyk pikir alyşmalarynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi
Şeýle hem 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi. Çykyşda häzirki döwürde dialogyň, diplomati...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda häzirki wagtda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine başlyklyk edýän Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy. Türkmenistanyň adyndan çykyş eden daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türk...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat
2026-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň...