TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGI BOÝUNÇA PIKIRLERI ALYŞDYLAR

Şu gün, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen BMG-niň Ilat Gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebitleýin direktorynyň wezipelerini ýerine ýetiriji Juliýa Walezeniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdiler. Bu ugurda, 2021-2025-nji ýyllar üçin niýetlenen ýurt boýunça dördünji maksatnamany hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işleriň netijeliligi hem nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Ilat Gaznasynyň eneligiň howpsuzlygynyň, reproduktiw saglygyň goraglylygynyň, gender ösüşiniň ilerledilmegi ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan hereketlere işjeň gatnaşmagy bu ulgamlarda ähmiýetli ösüşleriň gazanylmagyna itergi berdi.

Öz nobatynda J.Waleze ýurdumyzyň halkyny hem-de Baştutanyny Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli gutlamak bilen, nobatdaky Halkara forumyň sebit hem-de halkara derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagy nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini beýan etdi.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň saglygy goraýyş, ýaşlara hemmeteraplaýyn goldaw bermek we aýallar hem-de erkekler üçin deň hukuklylygyň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegi ulgamynda syýasy borçnamalarynyň berjaý edilişiniň şöhlelendirilmegi babatynda ýokary görkezijileriniň bardygy hem bellenilip geçildi.

Nobatdaky Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen her ýyllyk iş meýilnamalaryna gol çekilmegi hem köptaraplaýyn özara hereketleriniň netijeli häsiýete eýediginiň özboluşly subutnamasy bolup durýandyr.