RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Awg

LLDC 3-iň çäginde Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid bin Abdulkarim Al-Hureýjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara...

DOWAMY
pic
6 Awg

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali ben Naser Al-Misnediň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy dialogy ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýaly özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy bo...

DOWAMY
pic
6 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi geçirildi. Foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 4...

DOWAMY
pic
6 Awg

Doganlyk ýurtlaryň we halklaryň bähbidine sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi

2025-nji ýylyň 5-nji “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi. Foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gyrgyz Resp...

DOWAMY
pic
5 Awg

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady. Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletiň ýaş wekilleri, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri...

DOWAMY
pic
5 Awg

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hakynda

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri garşylady we dostlukly döwletiň Baştutanyna Türkmenis...

DOWAMY
pic
5 Awg

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, ony türkmen...

DOWAMY