TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEŇIŞ GÜNÜNE BAGYŞLANYP MOSKWADA GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Ozal habar berilişi ýaly, Beýik Ýeňşiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara gatnaşmak baradaky çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşl...
GYRGYZYSTANDA “PYRAGY” ATLY TÄZE OÝUN GÖRKEZILDI
Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda “Pyragy” atly oýun goýuldy. Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy. Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanba...
TÜRKMENISTANYŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ (DUBAÝ ş.) BAŞ KONSULLYGYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ SAÝLAWLARY GEÇIRILÝÄR
Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary öz işine başlady. Ir säher bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň çägindäki Türkmenistanyň raýatlary özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý etmek üçin Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň (Dubaý ş.) ýanynda döredilen 2-nji saýlaw uçastogyna ses bermäge geldiler.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNA RESMI SAPARY
2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady. Iki ýarym sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. 22-nji fewralda ýokary derejedäki...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KATAR DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi döwlet Baştutanymyza Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şunda katar tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan d...
AHALYŇ TÄZE EDARA EDIŞ MERKEZINE ŞÄHER DEREJESI BERILDI WE “ARKADAG” DIÝLIP ATLANDYRYLDY
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Hökümetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky habary aýtdy. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçiriler. Şol bir wagtda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY
2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabiniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Mohammed Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň köşgüne...