TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
SOŇKY HABARLAR
KHBS üçin habar
2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň Köpugurly döwürleýin syny boýunça Iş toparynyň 44-nji mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň netijeleri boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň işgärleri, daşary ýurtly we türkmen žurnalistleri ga...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada pikir alşyldy we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ministriň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtge...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki möhüm meseleler barada pikir alyşdylar. Şunda Ministr Türkmenistanda demokratik institutlary mundan beýläk-de kämilleşdirmek...
Türkmenistanyň Baştutany YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň 16-njy Sammitiniň Geňeşine gatnaşdy. «Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap» şygary astynda geçirilýän nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Tü...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy
2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny hem-de wekiliýet agzalaryny mübärekläp, hormatly Prezidentimize Özbegistana gelmek hem-de YHG-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Prezi...
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmalar geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň geljegini ar...
TÜRKMENISTAN YRAGA TEBIGY GAZY EKSPORT EDER
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respubli...