TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak as...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani häzirki ýeňil bolmadyk...
Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Bassam Ahmed Ali Marzukyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Bahreýniň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly alyp barjak...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Döwlet ministri bilen duşuşygy
Arap-yslam ýurtlarynyň adatdan daşary sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri Marýam bin Ali bin Naser Al-Misnadyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň gerimi, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy dialogy berkitmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunç...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletine sapary
2025-nji ýylyň 14–15 sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Dohada, Katar Döwleti, Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin sapar bilen bolýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Katarda bolup geçen wakalar bilen baglylykda resmi garaýşyny beýan edip, halkara meselelerini çözmekde güýji ulanmagyň kabul ederliksizdigini, onuň BMG-niň Terti...
Türkmenistanyň DIM-iň beýanaty
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýar hem-de şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar. Türkmenistan üçin islendik halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmak ýa-da güýjüň ulanjakdygy barada haýbat atmak düýbünden kabul ederliksiz hasaplanýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine hem-de ýörelgelerin...
Утверждены страновые программы агентств ООН для Туркменистана на 2026-2030 годы
В период с 25 августа по 5 сентября 2025 года в Нью-Йорке состоялись вторые регулярные сессии исполнительных советов ПРООН, ЮНФПА и ЮНИСЕФ. По итогам сессий были утверждены страновые программные документы для Туркменистана на 2026-2030 годы. Концепции данных программ были разработаны совместно с туркменской стороной. Согласно данным документам запланирована реализация соответствующих проектов и мероприятий по соответствующим направлениям совместно с представительствами ПРООН, ЮНИСЕФ и...