TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN ÝEWRAZIÝA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNY DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAK IŞINDE ULAG ULGAMYNA AÝRATYN ÜNS BERÝÄR
30-njy noýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ählumumy pandemiýanyň netijelerini nazarda tutmak bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ulag ulgamyndaky gatnaşyklar aýratyn orun eýeledi. Mejlise gatnaşyjylar Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan açyk, inklýuziw, adalatly we köptarapl...
TÜRKMENISTAN ŞHG-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Mejlise ŞHG-nyň agza-döwletleriniň we ŞHG-nyň ýanyndaky synçy-döwletleriň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow mejlise myhman hökmünde gatnaşdy. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ŞHG-nyň işiniň de...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsdanperwer ugurlary boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Sebit hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki işjeň özara hereketler bellenilip geçildi. Iki ýurduň sebit we...
Türkmenistanyň alymlarynyň açyşy, bütindünýä saglygy goraýyş ulgamyna özboluşly goşant goşmak üçin döredildi
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri, atmosfera hadysalaryny göz öňünde tutup dezinfeksiýa serişdelerini gözlemek we ösdürmek boýunça gözlegleriň çäginde ýerli çig maldan täsirli himiki sintez almagy başardylar. Cottonagny, pagta tohumlaryny ulanyp, türkmen hünärmenleri ýag kislotalaryna esaslanýan biologiki işjeň serişdeleri we birleşmeleri, şeýle hem bakteriýalara garşy göreşmek üçin häsiýetli ýod saklaýan elementleri sintez etmegi başardylar. Laboratoriýa gözl...
TÜRKMENISTANYŇ WE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARY DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
Şu gün, 27-nji noýabrda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşay işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, belarus tarapyny bolsa, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary A.E.Gurýanow ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselele...
TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ SYÝASY-DIPLOMATIK TAÝDAN KADALAŞDYRYLMAGYNYŇ DERWAÝYSLYGYNA BERK YNANÝANDYRLAR
2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Z.Kabulow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanda asudalygyň we durnuklylygyň ornaşdyrylmagy boýunça parahatçylykly gepleşikleriň ýola goýulmagy we herekete getirilmegi ugrundaky tagallalara ýardam bermek bilen bagly meseleler babatynda pikir alyşyldy. Şunuň bilen baglylykda...
ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY BOLDY
2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň. Daşary işler, Söwda we senagat, Adalat ministrlikleriniň, şeýle hem Ýaponiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň, JETRO we JECO guramalarynyň hem-de ýapon ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýada...