TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE OMAN SOLTANLYGY ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINE GYZYKLANMA BILDIRÝÄRLER
2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, oman tarapyna – Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Saýýid Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-oman gatnaşyklaryna degişli meselel...
TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda geçen 2020-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle-de şu ýyl üçin geçiriljek işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Mej...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARY MEDENIÝET WE BILIM ULGAMLARY BOÝUNÇA IŞLERI KÄMILLEŞDIMERK MESELELERINE SERETDI
Şu gün, 2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistany...
TÜRKMENISTANDA ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖNÜNI ALMAK ÜÇIN SANJYMLARY HASABA ALMAK IŞI DOWAM ETDIRILÝÄR
Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek işi işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ilatyň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler pugtalandyrylýar. Ylmyň gazananlarynyň esasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça epidemiologik gözegçilik ulgamynyň netijeliligi yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak işi dowam e...
SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Peethambaran Nair bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar mähirli salamlaşdylar we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamasy tarapyndan yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ähmiýeti barada bellediler. Taryhy we medeni...
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen döredilen «Daşky gurşawy goramak meseleleri boýu...
AŞGABATDA HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň w...