img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY TÜRKMENISTANYŇ WE BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

photo

2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri bilen Bütindünýä bankynyň merkezi edarasynyň wekilleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Wideo maslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar kiçi we orta telekeçiligiň oba hojalyk taslamalary üçin maýa goýumlary çekmek meseleleri babatynda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekdiler. Bu babatda duşuşyga gatnaşyjylar birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan gatnaşyklaryň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Bütindünýä bankynyň özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.