img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA ÖZARAHEREKETLERIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

photo

2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Aziýa ösüş bankynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda wideo-maslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Wideo-duşuşyga ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle-de Merkezi bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de Aziýa ösüş bankynyň Filippinlerde (Manila ş.) ýerleşen Baş edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.  

Wideomaslahatyň barşynda taraplar halkara ähmiýetli aýratyn alnan desgalary maliýeleşdirmek meseleleri babatynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we AÖB-nyň özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna ünsi çekdiler. Bu babatda taraplar birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan Türkmenistanyň we AÖB-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler.

Wideo-duşuşyga gatnaşyjylar şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we AÖB-nyň özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.