TÜRKMENISTANYŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA MILLI ÝAŞLAR MASLAHATYNYŇ METBUGAT HABARY

img
img
img
img

Türkmenistanyň ýaş nesli howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine goşant goşmaga taýýar

Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçihanalary bilen hyzmatdaşlykda Howanyň üýtgemegi boýunça Milli ýaşlar maslahatyny gurady. 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen bu çäre Türkmenistanyň ýaşlaryna howa bilen bagly möhüm meseleler boýunça bilim bermekde we olary howanyň üýtgemegine garşy ählumumy göreşiň işjeň hyzmatdaşlaryna öwürmekde möhüm tapgyr boldy.

Türkmenistanyň dürli künjeginden 200-den gowrak ýaşlaryň gatnaşmagynda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty Bütindünýä ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň maslahatynyň (COP 28) 28-nji sessiýasynyň öňüsyrasynda geçirildi. Maslahatyň maksady, ýaş nesilleriň arasynda howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe, daşky gurşawyň durnuklylygyna we biodürlülige edýän täsiri, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we täsirini gowşatmaga kömek edýän öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmäge umumy çemeleşmeleri ösdürmekden ybarat boldy.

Howa meseleleri boýunça her ýyl geçirilýän Ýaşlar maslahatynyň şu ýylky täzeliklerinden biri, ol hem Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde sebitleýin duşuşyklaryň geçirilmegi bolup, maslahatyň çägini paýtagtyň çäginden has giňeltdi. Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri we daşky gurşaw işjeňleri bu sebitlerden gelen ýaşlar bilen gürrüňdeşlik geçirdiler, pikir alyşmaga ýardam etdiler we iň işjeň gatnaşyjylara jemleýji maslahatda öz taslamalaryny görkezmäge mümkinçilik döretdiler.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň ýaşlary howanyň üýtgemeginiň öňüni almak üçin ählumumy herekete işjeň gatnaşmak isleýändiklerini görkezdiler. 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça ikinji ýaşlar maslahatynda (LCOY) gazanylan üstünliklere baha berildi. Mundan başga-da, türkmen ýaşlarynyň wekilleri 2024-nji ýyl üçin Ýol kartasynyň bir bölegi bolan Türkmenistanda geljekki taslamalar üçin teklipler taýýarladylar.

Howanyň üýtgemegi boýunça Milli ýaşlar maslahaty, şeýle hem, Türkmenistanyň dürli künjeginden ýokary höwesli işjeň ýaşlaryň howanyň üýtgemegi boýunça ygtybarly torunyň döredilmegine goşant goşdy. Bu tor ýaşlaryň taslamalaryny giňeltmegi, berkitmegi we mundan beýläk-de goldamaga, hyzmatdaşlygy we bilim alyşmagy ösdürmäge gönükdirilendir we Türkmenistanda we daşary ýurtlarda howa boýunça herekeleri işjeňleşdirmek üçin platforma bolar.

Maslahatda geçirilen pikir alyşmalaryň netijelerine esaslanyp, Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Milli jemleýji beýannamasy kabul edildi. Bu beýannama, Türkmenistanyň ýaşlarynyň isleglerini we ýaş gatnaşyjylaryň BMG-nyň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy proseslerine, milli syýasat meselelerine, Türkmenistanda we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly beýleki temalara bolan garaýyşlaryny acyp görkezýär. Milli Ýaşlar Beýannamasy COY18-de başlar we Dubaýdaky COP28-de resmi YOUNGO ählumumy garaýşynyň bir bölegini emele getirer.

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça jemleýji ýaşlar maslahaty ýaşlaryň hukuklarynyň mümkinçilikelriniň giňeldilmeginde ýene bir möhüm ädim bolup, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin köpçülikleýin tagallalaryny jemleýär.

***

Ýaşlar maslahaty (COY) - howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we çözmek üçin her ýyl dünýäniň dürli künjekginden gelen ýaşlary birleşdirýän çäre. COY18 – sany boýunça on sekizinji maslahat bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň maslahatynyň (COP 28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda ýaşlary bu işlere çekmek we işjeňleşdirmek üçin platforma bolup hyzmat eder.

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy (UNFCCC), howa ulgamyna howply antropogen täsirleriň öňüni almaga gönükdirilen halkara daşky gurşaw şertnamasydyr. Howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak we uýgunlaşmak çäreleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy üçin esas döredýär. UNFCCC-iň çäginde çözgütleri kabul edýän iň ýokary edara bolsa Taraplaryň maslahaty bolup durýandyr.