TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANYNA SAPARY

img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirildi. Saud tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid El Hereýji ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha bermek bilen, köpugurly türkmen-saud gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmekligiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmalar geçirdiler.

Şeýle hem, diplomatlar halkara we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika ministrliginde gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda nebit-gaz we himiýa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün, Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bilen Saud Ösüş Gaznasynyň ýerine ýetiriji müdiri Sultan Al Marşadyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Saud Ösüş Gaznasy tarapyndan Türkmenistandaky durmuş taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň “Saudi Arabia Global Pipeline Company”şereketiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.