SOŇKY HABARLAR
Ankarada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň ş...
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy. Ir bilen Türkmenistanyň Baştutany Türkiýäniň Prezidentiniň Köşkler toplumyna bardy. Bu ýerde türk lideri Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady we bilelikde ýadygärlik surata düşdiler. Sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sa...
Türkmenistanyň Prezidentine «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor» derejesi berildi
2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hajettepe uniwersitetine bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidentine «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor» atly derejäni bermek dabarasy boldy. Uniwersitetde döwlet baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we bu ýokary okuw jaýyň rektory Mehmet Jahit Güran dagylar mähirli garşyladylar. Uniwersitetiň talyplary ýurt baştutanyna gül çemenini gowşur...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Ankara şäheriniň “Etimesgut” howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Günorta Afrika Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Astana ş.) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lungisani Dominik Ntombele bilen duşuşygy geçirildi. Günorta Afrika Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we konstruktiw hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esasla...
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda iki taraplaýyn, şeýle hem sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlara seredildi. Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, t...
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy, söwda-ykdysady we ulag-energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitini birleşdirýän ulag-üstaşyr...