RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Apr

BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-TÜRK ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda Bilim babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşininiň üçünji mejlisi geçirildi.      Wekiliýetlere Türkmenistanyň Bilim ministri Orazgeldi Gurbanow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministri jenap Ziýa Selçuk ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Gepleşikleriň barşynda medeniýet, bilim ulgamlarynda türkmen-türk özara hereketle...

DOWAMY
19 Apr

ŽENEWADA PATENT HUKUGY HAKYNDAKY ŞERTNAMA GOŞULMAGY HAKYNDAKY GURALYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) ştab-kwartirasynda BIEG-nyň Baş direktory jenap Daren Tanga Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Patent hukugy hakyndaky Şertnama (2000-nji ýyldaky) goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Ilçi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatn...

DOWAMY
16 Apr

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ORNY» ATLY REZOLÝUSIÝANY BIRAGYZDAN KABUL ETDI

2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Guramanyň agza-döwletleriniň 72-niň awtordaşlygynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň barşynd...

DOWAMY
15 Apr

TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ GURLUŞYGY BOÝUNÇA TÜRKMEN-OWGAN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” Döwlet konserninden wekili M.Amanowyň we Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad bilen duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň dowamynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada umumy pikir aly...

DOWAMY
15 Apr

«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ HATYRASYNA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY HALKARA MASLAHATYŇ JEMLERI BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILDI

15-nji aprelde Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda çäräniň netijeleri boýunça tegelek stol geçirildi. Onda   maslahatyň esasy ugurlary beýan edildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew alyp baryjy hökmünde çykyş etdi. Çärä Turkmenistanyn Daşary işler min...

DOWAMY
15 Apr

«YNSANPERWER UGRY BOÝUNÇA HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY ÜÇÜNJI PLENAR MEJLIS

?Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň çäklerinde 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Ynsanperwer ugry boýunça halkara hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlis geçirildi. Mejlisi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew alyp bardy. Mejlisde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar...

DOWAMY
15 Apr

MAGTYMGULY ADYNDAKY TDU-DA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNDA EKOLOGIÝANYŇ ÄHMIÝETI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynda ekologiýanyň ähmiýeti» atly ikinji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisi BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň Başlygy N.Natswlişwili alyp bardy. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary G.Müşşikow,...

DOWAMY