TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DAŞKENTDÄKI DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 15-nji iýulda Daşkentde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlygyň meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal bilen duşuşdy. Duşuşyga şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad gatnaşdy. Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunu...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkentde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan Al-Saud bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýokary derejedäki ygtybarly we yzygiderli syýasy gepleşikler esasynda barha berkidilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-saud gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatl...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 15-nji iýulda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, ministrler şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň meselelerine jikme-jik seredip geçdiler. Iki ýurduň köpugurly düzümleriň çäklerindäki başlan...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň derwaýys ugurlary babaty...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DAŞKENTDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine iş sapary başlandy. Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşar. Şu gün, 15-nji iýulda Turkmenistanyň Daşary işler mini...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTLERINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministleriniň mejlisi geçirildi. Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtag...
GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ MINISTRLER MASLAHATYNYŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY BEÝAN EDILDI
2021-nji ýylyň 13-14-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly Goşulyşmazlyk Hereketiniň ortamöhletleýin ministrler maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi. Agzalan wekilçilikli maslahat Goşulyşmazlyk Hereketiniň umumy maksatlaryny ilerletmek ugrunda çykyş edýän dünýäniň onlarça ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Mejlisiň açylyşynda gatnaşyjylar Azerbaýjan Respublikasynyň Prez...