SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ ADATDAN DAŞARY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň nobatdan daşary mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýär. Mejlisde...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň Syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan hem ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary h...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministri M.B.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň çygrynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, tarapl...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KOREÝA RESPUBLIAKSYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şin Song-çol bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ko...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PEKINDE GYŞKY OLIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Ozal habar berilşi ýaly, 2022-nji ýylyň 4-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti HHR-nyň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekine geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşy mynasybetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekindäki XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy Türkmenistanyň spo...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA SAPAR BILEN GELDI
2022-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýet HHR-nyň Başlygynyň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Saparyň dowamynda, ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ IRI NEŞIRLERINIŇ WE TELEÝAÝLYMLARYNYŇ WEKILLERINE INTERWÝU BERDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe teleýaýlymlarynyň we abraýly metbugat serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy. Hytaýyň belli teleýaýlymlarynyň we köp millionly okyjylary bolan metbugat serişdeleriniň wekilleriniň...