TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-d...
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekillerini kabul etdi
2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň Türkmenistan bilen...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň, şeýle hem “Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi. Şu ýylyň 12-16-njy maýy aralygynda Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän okuw maslahaty ýaş diplomatlaryň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmaga, ynanyşmak ýag...
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-njy maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady we şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy. “Wnukowo — 2” Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Prawda” we “Sowet Türkmenistany” gazetleriniň 1945-nji ýyldaky...
Türkmenistanyň DIM-nde Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki özara hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler boýunça pikir...
Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
2025-nji ýylyň 1–3-nji maýynda Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu medeni çäräniň açylyş dabarasynyň çäklerinde sergi guraldy. Onda arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi. Dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň,...
Türkmenistanyň DIM-inde «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Mohammed Al Falahiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ulag we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulag-aragatnaşyk baglanyşyklaryny ösdürmek babatynda port infrastrukturasyny öz içine...