TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE YSRAÝYLYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ysraýylyň Ilçisine bu wezipede zähmet çeken döwründe alyp baran önjeýli işi hem-de türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY
2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýe Tähran şäheriniň golaýynda «МАУ» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
TÜRKMEN WEKILIÝETI «HEIMTEXTIL 2020» SERGISINE GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2020» atly dokma önümleriniň halkara sergisini öz işine başlady. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar. Bu halkara sergisi her ýylyň ýanwar aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» sergiler merkezinde geçirilýär. Bu ýyl...
AŞGABATDA ÝUNISEF-IŇ DÜNÝÄ ÇAGALARYNYŇ ÝAGDAÝY BARADAKY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda ÝUNISEF-iň dünýä çagalarynyň ýagdaýy baradaky Hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. 2019-njy ýylda ol «Çagalar, iýmit we iýmitleniş: özgerýän dünýäde kadaly ösüş» şygary astynda jemgyýetçilige ýetirilendir. Çärä ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, ÝUNISEF-iň hünärmenleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy kä...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ITALIÝA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano bilen geňeşmeler geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2019-njy ýylyň noýabrynda meýilleşdirilý...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-EÝRAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 15-nji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, eýran tarapyndan - Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri M.Eslami ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuk...
TÜRKMEN TEATRY HALKARA TEATR FESTIWALYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-14 oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde görnükli gazak ýazyjysy Abiş Kekilbaýewiň 80-ýyllygyna bagyşlanan “ABIŞ ÄLEMI” atly Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýänyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň teatrlary gatnaşdylar. Festiwalda Türkmenistana Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry wekilçilik etdi. Lebaply teatryň görkezen “Daýhatyn” atly oýny tomaşaç...