RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Okt

Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti öz ermeni kärdeşine çakylygy kabul edip, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.  Ermenistanyň Prezidenti halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, şeýle möhüm çäräniň iki ýurd...

DOWAMY
pic
12 Okt

Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Çärä Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pak...

DOWAMY
pic
11 Okt

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar: – Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň «TDH» bilen «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň Gazagystan Res...

DOWAMY
pic
11 Okt

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugraýar. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Prezident Serdar Berdimuhamedow...

DOWAMY
pic
11 Okt

Aşgabatda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.  Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident K...

DOWAMY
pic
9 Okt

Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen gelen Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy. Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutany GDA-nyň sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Uly Kreml köşgüne ugrady. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşma...

DOWAMY
pic
30 Sen

В ИМО МИД Туркменистана состоялась презентация сборника стихов Махтумкули Фраги на грузинском языке

30 сентября 2024 года в Институте международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана состоялась церемония презентации сборника стихов Махтумкули Фраги на грузинском языке. В мероприятии приняли участие представители МИД Туркменистана, дипломатического корпуса и международных организаций, аккредитованных в Туркменистане, литературоведы, ученые, журналисты, профессорско-преподавательский состав и студенты института, а также представители СМИ. Выступившие на презентации оратор...

DOWAMY