RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Sen

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum Forumy (TIF 2025) öz işine başlady

2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum Forumy (TIF 2025) resmi taýdan açyldy. Bu iri çäre ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 800-den gowrak daşary ýurtly we ýerli wekilleri jemledi. Forum «Strategik netijeliligi üpjün edýän faktor hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen başlady. Mejlisde moderator hökmünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitri...

DOWAMY
pic
18 Sen

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Köp sanly wehimleriň ýüze çykmagy hem-de ynanyşmak derejesiniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän häzirki ýönekeý bolmadyk halkara ýagdaýlarda Birleşen Milletler Guramasynyň mümkinçiliklerini, onuň syýasy-diplomatik gurallaryny, ýokary abraýyny özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak we ählumumy hem-de...

DOWAMY
pic
16 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Talal Abdulsalam Al Ansari bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar ýokary derejedäki özara saparlaryň, şeýle hem köpugurly halkara platformalarynyň çäk...

DOWAMY
pic
16 Sen

Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak as...

DOWAMY
pic
15 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani häzirki ýeňil bolmadyk...

DOWAMY
pic
15 Sen

Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Bassam Ahmed Ali Marzukyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Bahreýniň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly alyp barjak...

DOWAMY
pic
15 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Döwlet ministri bilen duşuşygy

Arap-yslam ýurtlarynyň adatdan daşary sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri Marýam bin Ali bin Naser Al-Misnadyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň gerimi, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy dialogy berkitmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunç...

DOWAMY