RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Noý

TÜRKMENISTAN HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA OWGANYSTAN BILEN HYZMATDAŞLYGYNY DOWAM EDER

24-nji noýabrynda Ženewada Owganystan boýunça Maslahatyň çäklerinde parahatçylyk, ösüş we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi. Maslahat onlaýn görnüşinde bir öňünden öz işine başlady we Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýändir. Bu maslahat 4 ýylda bir gezek geçirilýändir. Bu maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işle...

DOWAMY
23 Noý

SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň 8-nji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Meredow, koreý wekiliýetine – Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri Son Ýun Mo ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşykda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň söwda-ykdysady, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlaryndaky...

DOWAMY
23 Noý

SEBITLEÝIN HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTANYŇ MÖHÜM ORNY BELLENILIP GEÇILDI

2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Owganystan boýunça Maslahatyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşyk onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi.   Döwlet we hökümet, şeýle-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşan duşuşygynyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýun...

DOWAMY
23 Noý

TÜRKMENISTAN ŽENEWADA GEÇIRILÝÄN OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞÝAR

2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ženewada Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat öz işine başlady. Ol onlaýn görnüşinde Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleriniň başlyklyk etmeklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýär. Bu maslahat dünýäniň 100-den gowrak ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan bolan ýokary derejeli wekilleri özünde jemledi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary i...

DOWAMY
23 Noý

«МIR» DÖWLETARA TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çykyşlarynyň barşynda Türkmenistanyň...

DOWAMY
22 Noý

TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN SERHETÝAKA SUW SERIŞDELERINIŇ NETIJELI ULANYLMAGY ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER

Şu gün, 2020-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň binasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçdirildi.   Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde owgan wekiliýetine Owganystanyň Suw...

DOWAMY
19 Noý

HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ PUDAK EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE BMG-NIŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň ministrlikleriniň, Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goranyşy merkezi gulluklarynyň hem-de BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny tassyklamak üçin bilelikdäki duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak, şol sanda gol çekilen bilelikdäki hereketleriň meýi...

DOWAMY