RSS

SOŇKY HABARLAR

8 Dek

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI ÇÄRESINE GATNA

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite rezolýusiýasyna laýyklykda 15 ýyl ozal döredilen Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çäre geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça bu foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministri gatnaşdy. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyşynda Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň ynsanperwerlik ýörelgelerine...

DOWAMY
8 Dek

«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ AZERBAÝJAN DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda, Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary,...

DOWAMY
8 Dek

DAŞARI IŞLER MINISTRINIŇ OWGAN YSLAM RESPIBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda TDIM-niň binasynda  Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Owganystanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisiniň adyna gutlaglaryň we mähirli arzuwlaryň aýdylmagy bilen başlandy. Taraplar türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara ygrarlyl...

DOWAMY
5 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” KITABYNYŇ GRUZIN DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň gruzin dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, gruzin dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy.  Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzy...

DOWAMY
4 Dek

AKINA ŞÄHERÇESINDE TÜRKMEN TARAPYNYŇ GOLDAW BERMEGINDE TÄZE METJIT GURULDY

Şu gün, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň...

DOWAMY
4 Dek

TÜRKMENISTAN ÝHHG-NIŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWERLIK UGRY BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK ETMÄGE YGRARLYDYR

ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisinde demokratiýanyň, kanunyň hökmürowanlygynyň we şahsy erkinligiň gymmatlyklarynyň saklanylmagy boýunça bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri has demoktarik we parahatçylykly ýewroatlantiki hem-de ýewraziýa sebitiniň döredilmegi ugrunda çykyş edýän ÝHHG-niň çäklerindäki işleriň ynsanperwerlik ölçeglerine aýratyn üns berdi. Ministr Meredow ÝHHG-niň çäkler...

DOWAMY
4 Dek

TÜRKMENISTAN ÝHHG-NIŇ PLATFORMASYNDA TEBIGATY GORAMAK WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINI TEKLIP EDÝÄR

Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň mejlisinde çykyş etmek arkaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy – ýurtlaryň ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ekologiýa meseleleriniň netijeli we gaýragoýulmasyz çözgütleriniň gözlenilmeginiň zerurlygyny...

DOWAMY