AŞGABATDA RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN WELAÝATYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 8-9-njy dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar.

Şu gün, 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow I.Babuşkini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-rus özara hereketleriniň gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabada saparynyň çäklerinde Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda özara duşuşyklaryň yzygiderli häsiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hereketleriň ähmiýetli gurallarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Nobatdaky duşuşyk hem Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň arasyndaky syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik berdi.

Bu ugurda, telekeçilik meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-astrahan Geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan özara işleriň derwaýyslygy aýratyn bellenildi. Mundan başga-da, söwda, gurluşyk, gämi gurluşygy we deňiz logistikasy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetliligi hem nygtaldy.

Ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň, ýükleri daşamak amallarynyň we beýleki ykdysady görkezijileriň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar şonuň ýaly-da, iki ýurduň sebitleriniň portlar boýunça özara hereketleriniň hem netijeliligini beýan etdiler.

Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapynyň Astrahan welaýatynyň ykdysady düzümleri, hususan hem «Perwomaýskiý sudoremontnyý zawod» APJ bilen gury ýük daşaýan hem-de nebit guýulýan tankerleriň abatlamasynyň ýerine ýetirilmegi boýunça hyzmatdaşlygynyň önjeýliligi hem bellenilip geçildi.

Taraplar şeýle-de özara durmuşa ornaşdyrmak üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bar bolan ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary has hem ösdürmegiň zerurlygyny bellediler.