HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE ÝAZAN HATY GELIP GOWUŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi döwlet Baştutanyny Hindistan Respublikasynyň Güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine hem-de “Hindistan — Merkezi Aziýa” ýokary derejeli sammite gatnaşmaga çagyrýar.

Narendra Modi öz hatynda Hindistan bilen Türkmenistany däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy barada belleýär.

"Maňa 2015-nji ýylda Siziň ajaýyp ýurduňyzda bolmak bagty miýesser etdi. 2010-njy ýylda Hindistana amala aşyran saparyňyz Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mäkäm esas goýdy. 2019-njy ýylda ýola goýlan “Hindistan — Merkezi Aziýa” dialogynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygymyzyň gerimi giňedi” diýlip, hatda bellenip geçilýär.

Hindistanyň hökümetiniň ýolbaşçysy ýetip gelýän 2022-nji ýylyň Hindistan we Türkmenistan üçin şanly ýyllaryň birine öwrüljekdigi hem-de iki ýurduň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenjekdigi barada belledi. Onuň pikiriçe, bu senäniň şu ýyl dabaralandyrylýan taryhy senäniň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň yzysüre bellenilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Narendra Modi ýurduň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygy baýram ediljek geljekki ýylyň Hindistan üçin hem taryhy ýyllaryň biri boljakdygy barada nygtady.

“Men Sizi tüýs ýürekden 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Respublikanyň Gününiň baýramçylygyna hormatly myhman hökmünde Hindistana çagyrmak isleýärin. Respublikanyň Gününiň hormatyna geçiriljek dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Siziň Ýaragly Güýçleriňizden düzülen topary kabul etmek hem biziň üçin uly hormat bolar” diýlip, hatda aýdylýar.

Mundan başga-da, hatda Hindistanyň Merkezi Aziýa hoşniýetli goňşuçylyk nukdaýnazaryndan garaýandygy hem-de sebit bilen mäkäm we sazlaşykly hyzmatdaşlyga ygrarlydygy barada nygtalyp geçilýär.

Şeýle-de, Narendra Modi öz hatynda sebitde umumy wehimlere köpçülikleýin çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin “Hindistan — Merkezi Aziýa” ýokary derejeli sammiti guramagy teklip edýär.