DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE BSGG-NIŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda täze bellenen BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagalalary etjekdigini beýan etdi.

Türkmen tarapy öz gezeginde Ýegor Zaýsewi BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, oňa geljekki işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça özara hereketleriň ýokary derejesini nygtadylar, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamy bilen bagly halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Diplomatlar BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory Hans Klýugeniň Türkmenistana bolan saparynyň, şeýle hem BSGG-niň Ýewropa boýunça edarasynyň wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran missiýasynyň netijelerine seredip geçdiler. Mundan başga-da COVID-19-a garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň arasynda özara Düşünişmek hakyndaky Ähtnama bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.