TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «TRT WORLD» TELEÝAÝLYMYNYŇ SOWALLARYNA JOGAP BERDI

2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erimiň sowallaryna jogap berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Döwlet Baştutany dürli görnüşdäki sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerini, dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny beýan etdi.

«Öz gatnaşyklarymyzda biz hoşniýetli goňşuçylykdan, birek-birege hormat goýmakdan, doganlykdan we halklarymyzyň medeni-siwilizasion ýakynlygynyň taryhy baglanyşygyndan ugur alýarys», –diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, onuň durmuşa geçirilmeginde milletimiziň gadymdan gelýän gymmatlyklaryna hem-de olaryň häzirki döwür bilen arabaglanşygyna aýratyn üns berilýändigini beýan etdi.

Söhbetdeşik doly göwrümde ýurdumyzyň milli metbugatynda ýerleşdirildi, şeýle-de ol ýakynda wagtda Türkmenistanyň döwlet teleýaýlymlarynda dolulygyna görkeziler.