TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝANYŇ IŞEWÜRLERI KÖPTARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Aşgabada iş sapary bilen Awstriýanyň işewürler topary bilen duşuşyk geçirildi.

Iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda energetika, ulag we logistika, ýeňil senagat, söwda we ykdysadyýet, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş we farmasewtika, şeýle-de beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça işjeň özara hereketleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň çygrynda Türkmenistanda döredilen giň gerimli maýa goýum şertleri beýan edildi. Iki ýurduň ähmiýetli mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy arkaly taraplaryň göni gatnaşyklarynyň giňeldilmegi dogrusynda hem pikir alyşyldy.

Nobatdaky işewürlik duşuşygynyň çäklerinde şeýle-de Türkmenistanyň we Awstriýanyň döwlet hem-de hususy ulgamynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem guraldy. Taraplaryň arasynda önjeýli hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ähmiýetli ylalaşyklar gazanyldy.