img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

photo

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy.

Ir bilen Türkmenistanyň Baştutany Türkiýäniň Prezidentiniň Köşkler toplumyna bardy. Bu ýerde türk lideri Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady we bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.

 Sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammiti öz işine başlady.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlaryny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Türkiýä gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki duşuşygyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini nygtady.

Türk lideri Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň işine goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Soňra  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitine gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem türkmen wekiliýetine görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.  

Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlaryna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy bolan Respublika güni bilen gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmunyna eýedigini belläp, bu şanly baýram mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany we ähli doganlyk türk halkyny tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýe Respublikasyna mundan beýläk-de gülläp ösüş, abadançylyk we täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň türki dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Şonuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasyna doganlyk döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmegiň, netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm düzümi hökmünde garalýar. Onuň işiniň netijeli bolmagy, ilkinji nobatda, halklaryň bähbidine gönükdirilen anyk başlangyçlaryň we özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe guramanyň işini netijeli guramakda we bu sammitiň üstünlikli geçirilmegine goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedow  TDG-niň täze Baş sekretaryna jogapkärli işinde üstünlikleri, sammite gatnaşyjylaryň ählisine jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, doganlyk halklara bolsa abadançylyk, rowaçlyk we täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Çykyşyň doly görnüşini https://mfa.gov.tm/articles/2052 salgydan görmek bolýar.

Sammite gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, söwda we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag-logistika geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alyşdylar.

TDG-niň gatnaşyjy ýurtlarynyň Baştutanlary özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.