img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - DUBAÝ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, oňa ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdy

photo

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.

Mejlise ilkinji gezek ýörite myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesi Türkmenistana ynanyldy. Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýän ýurdumyz bu möhüm wezipä uly jogapkärçilik bilen çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny öz içine alýan degişli Konsepsiýa işlenip düzüldi.

Türkmenistanyň şu ýylky başlyklyk etmeginiň çäklerinde degişli geňeşleriň we toparlaryň mejlisleri, şol sanda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, GDA-a agza döwletleriň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň 84-nji mejlisi, GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň hem-de GDA-a agza döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisleri geçirildi.

Syýasy ugurda sebitleýin howpsuzlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmak, bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek, GDA-nyň parahatçylykly dialogyň we özara düşünişmegiň meýdançasy hökmündäki ornuny berkitmek meseleleri gün tertibiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Türkmenistan hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde halkara hukugyny goramak boýunça tagallalary birleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

 

Türkmenistan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary ilerletmek ugrunda işjeň çykyş edýär. Innowasiýalar babatdaky hyzmatdaşlyga we ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunda giň şahaly we howpsuz halkara ulag infrastrukturasyny döretmek ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde kesgitlenýär.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport, ýaşlaryň alyş-çalyş maksatnamalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ugurlary öz içine alýan ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem bar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki Geňeşiniň mejlisinde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri boýunça möhüm çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň çäginde geçirilen bu mejlisde «2029-njy ýyly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda GDA-nyň ulag arabaglanyşygy ýyly diýip yglan etmek hakynda» Çözgüdiň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellemek gerek.

Türkmenistan ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmegiň tarapdary bolup, bu ugry ykdysady ösüşiň, sebit integrasiýasynyň we söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň esasy şertleriniň biri hökmünde yzygiderli öňe sürýär.