Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada

2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhammedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri düýn Moskwa oblastynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly ýagdaý bilen baglanyşykly öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden gynanç sözlerini beýan etdi. Şol bir wagtyň özünde, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözleri ýetirildi, şeýle hem bu aýylganç terrorçylyk hereketi netijesinde ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegleri beýan edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Türkmenistan üçin ýakyn goňşy we dost-doganlyk döwleti bolandygyny hem-de şeýle bolmagyna galýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle kyn pursatda Türkmenistanyň doganlyk goldawyna doly bil baglap bilinjekdigi beýan edildi. Şu agyr pursatda lukmançylyk kömegini bermek, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we beýleki zerur serişdeleri ibermek teklip edildi.

Türkmen tarapynyň ejir çeken çagalara mümkin bolan ähli kömegi bermäge taýýardygy aýratyn nygtaldy. Hususan-da, çagalaryň fiziki we psihologiki taýdan dikeldilmegi üçin dostluk kömegi hökmünde Türkmenistan olary iň döwrebap lukmançylyk we saglyk goraýyş merkezlerinde ýerleşdirip biler. Bu babatynda  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda ähli mümkinçilikler bar.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Iwanowna Matwiýenko Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine medet beriji sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-rus gatnaşyklarynyň ähli ulgamlar boýunça alnyp barylmagynyň ähmiýetini nygtady. Bu babatynda  Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürilmeginiň dowam etdirilmegine berk ygrarlylyk bildirildi.

Iki döwletiň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ulgamyna aýratyn üns berip, adamlaryň özara gatnaşyklarynyň, birek-biregiň diline, medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmagyň häzirki hem-de geljekki döwür üçin gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň pugta binýadyny emele getirýändigini bellediler.

Sözüniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýanyň halkyna berk goldaw bildirýändigini ýene-de bir gezek beýan etdi.