Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

Hormatly Türkmenistanyň diplomatik işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda Watanymyzyň halkara abraýyny we oňyn täsirini güýçlendirmek üçin döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan belent wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekjekdigiňize ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda täze hünär baýramynyň — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň döredilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Munuň özi döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmaga uly ähmiýet berýändigini, biziň açyklygymyzy, hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy ýurdumyzda we bütin dünýäde aýdyňlygy bilen görkezdi, halkara giňişlikde Watanymyzyň bähbitlerini öňe sürmek hem-de goramak boýunça örän wajyp gural hökmünde diplomatiýanyň ornunyň ykrar edilýändigini tassyklady.

Türkmen diplomatiýasy şu ýyllaryň içinde işgärler we iş alyp barmak babatda berkedi. Bu ugurda baý tejribe we bilim toplady, iş usullaryny, endiklerini kämilleşdirdi. Häzirki wagtda diplomatik gullugymyz döwlet gurluşynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, Türkmenistanyň parahatçylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmekde, içerki ösüş, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertleri döretmekde, iri möçberli syýasy, ykdysady, ekologik, azyk we köp sanly beýleki meseleleri çözmekde örän möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň döredilmeginde we berkidilmeginde, onuň mümkinçilikleriniň açylmagynda, geografiýasynyň hem-de iş ugurlarynyň giňeldilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň uly hyzmatlarynyň bardygy gürrüňsizdir. Gahryman Arkadagymyzyň täzeçil başlangyçlary häzirki zaman halkara gün tertibini diňe bir möhüm oý-pikirler we täze garaýyşlar bilen baýlaşdyrmak bilen çäklenmedi. Bu başlangyçlar türkmen diplomatiýasyna hyzmatdaşlyk etmekde döredijilikli, netijeli çemeleşmeleri durmuşa geçirmek, möhüm ugurlar boýunça ynanyşykly gatnaşyklardyr gepleşikler üçin köptaraplaýyn ählumumy we sebit binýatlaryny kemala getirmekde goşmaça gurallarydyr usullary döretdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dünýä işlerine diplomatik taýdan gatnaşmagynyň giňeldilmegi, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we berkidilmegi boýunça wajyp çözgütler kabul edildi. Şu döwürde biziň ilçihanalarymyzyň, konsullyklarymyzyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarymyzyň sany iki esse diýen ýaly köpeldi.

Halkara hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň uzak möhletleýin geljegini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderliligini üpjün etmek barada alada edip, doly derejeli halkara diplomatik mekdebi emele getirmek maksady bilen, Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Bu ýokary okuw mekdebi biziň daşary syýasat gullugymyz üçin hünärmenleri taýýarlamakda esasy merkez bolup durýar. Döwletimiz tarapyndan Daşary işler ministrliginiň we daşary ýurtlardaky türkmen diplomatik edaralarynyň doly derejede iş alyp barmagyny üpjün etmek üçin maliýe, maddy-tehniki hem-de beýleki meseleler yzygiderli esasda çözülýär. Olaryň işiniň guramaçylyk-hukuk we beýleki ugurlaryna uly üns berilýär. Bu iş hemişe döwletimiziň üns merkezinde bolar.

Hormatly diplomatlar!

Bu gün biz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň halkara syýasatda möhüm ornunyň bardygyny, häzirki zaman gün tertibini emele getirmäge oňyn täsir edýändigini, abraýdan we hyzmatdaşlarynyň ykrar etmeginden peýdalanýandygyny doly esasda aýdyp bileris. Muny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 25 sany Kararnamasynyň biragyzdan goldanylmagy hem aýdyň tassyklaýar. Halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistan döwrüň meselelerini çözmek üçin anyk ädimleriň zerurdygyna we möhümdigine düşünip, Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky teklip, durnukly ösüş, ekologiýa, energetika we ulag ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlyk babatda başlangyçlar bar.

Merkezi Aziýada doly derejeli sebit hyzmatdaşlygy üçin şertleri döretmek Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda ileri tutulýan maksat bolup durýar. Ýurdumyzyň bu ugurda hem uzak möhletleýin, strategik geljekde özara gatnaşyklaryň usullaryny we binýadyny emele getirip, taryhyň umumylygy hem-de geljekki maksatlar esasynda, bu garaýyşlara bir bitewülikde seredip, sebit gatnaşyklarynyň esaslaryny döredip we berkidip, öňdengörüjilikli çemeleşmäni görkezýändigini aýtmak gerek. Bu babatda uly üstünlikler gazanyldy. Biz mundan birnäçe ýyl ozal Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň bäştaraplaýyn guralynyň döredilendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu duşuşyklarda möhüm meseleler çözülýär we goňşy ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary kesgitlenilýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň goldamagynda 2007-nji ýylda hut Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredildi. Häzirki döwürde bu merkez sebitde halkara howpsuzlygy dörediji tagallalary, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak babatda wajyp we zerur işleri ýerine ýetirýär. Sebitde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, hyzmatdaşlygy, ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy maksady boldy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň durnuklylygyna goşýan goşandynyň esasylarynyň biri bolup durýar.

Hormatly diplomatik gullugyň işgärleri!

Häzirki döwürde diplomatik gullugyň orny we ähmiýeti barha ýokarlanýar. Ol adamzadyň ösüşinde halkara gatnaşyklary möhüm şerte öwürmäge, şeýlelik bilen, her bir ýurda dünýä ulgamynda mynasyp, deňhukukly orun almaga, halklaryň abadançylygyna, parahatçylyga we ynanyşykly gatnaşyklara ýardam bermäge gönükdirilendir. Munuň özi türkmen diplomatiýasyna hem doly derejede degişlidir. Bu bolsa sizden — türkmen diplomatlaryndan watansöýüjiligi hem-de Watanymyza wepadarlygy, ýokary hünär ussatlygyny, bilimi we aň-düşünjeliligi, Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda aýgytlylygy talap edýär. Siziň öz öňüňizde goýlan ähli wezipeleri ýerine ýetirjekdigiňize we geljekde diplomatik işgär diýen belent ady abraý bilen göterjekdigiňize, halkara giňişlikde döwletimize mynasyp, başarnykly wekilçilik etjekdigiňize berk ynanýaryn.

Size alyp barýan işleriňiz üçin minnetdarlyk bildirip, hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, täze uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow