AŞGABAT ÝUNESKO-NYŇ DÖREDIJILIK ŞÄHERLERINIŇ TORUNA GOŞULDY

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda, Bütindünýä şäherler gününde ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çözgüdine görä Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça resmi taýdan goşuldy.

Mälim bolşy ýaly, bu ugurdaky başlangyçlar 2021-nji ýylda başlanylyp, Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-nyň düzüm birlikleri, komitetleri we halkara hünärmenleri bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Bu ýyllaryň dowamynda Aşgabat dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan dünýäde owadan we tehnologiki taýdan ösen şäher hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyza ýokarda agzalan hukuk statusy, häzirki zaman halkara şäher meýilnamalaryna laýyklykdaky ösüşi bilen baglylykda berildi.

Bu ýyl ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri toruna 55 sany täze şäher goşuldy. Täze şäherler, özleriniň ösüş strategiýalaryna medeniýeti we döredijiligi ornaşdyrmakda we ynsanperwer şäher meýilnamasynda innowasiýa tejribesini görkezmekde berk ygrarlylygy bilen tanaldy. Iň soňky goşmaçalar bilen Tor häzirki wagtda ýedi döredijilik ugruna wekilçilik edýän ýüzden gowrak ýurtda Senetçilik we halk döredijiligi, Dizaýn, Film, Gastronomiýa, Edebiýat, Mediýa sungaty we Aýdym-saz ýaly ýedi döredijilik ugrundaky 350 şäheri öz içine alýar.

ÝUNESKO-nyň Baş direktory, guramanyň resmi metbugat synynda bu döredijilik şäherleri toruna girýän şäherleriň medeniýete elýeterliligi giňeltmekde we şäheriň durnuklylygyny we ösüşini üpjün etmek üçin döredijilik mümkinçiliklerinden peýdalanmakda öňdebaryjydygyny aýtdy.

Bu maglumatlaryň çap edilen çeşmesi: ÝUNESKO-nyň web sahypasyndaky resmi metbugat syny.