Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň “Arkadag” medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
«Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup, adam bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende göterip, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny wagyz etmek, bitiren hyzmatlaryna sarpa goýmak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak babatda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda Mejlisiň kararyny okady.
Soňra Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň “Arkadag” medalyny gowşurdy.