TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI KAMBOJANYŇ PATYŞASYNA YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda “Kambojanyň Patyşasynyň köşgünde” Ilçi M.Maşalow Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) Kambojanyň Patyşasy Preah Bat Samdek Preah Boromneath Norodom Siamonä ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Kambojanyň Patyşasy Norodom Siamonä we Kambojanyñ dostlukly halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Patyşa Norodom Siamoni Türkmenistanyň Ýolbaşçylarynyñ gyzgyn salamlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamlaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.