TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGI UGRATDY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, agramy 125 tonna barabar bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, azyk we dokma önümleri ýüklenen ynsanperwer kerweni 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistandan Owganystana ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, bu ynsanperwerlik çäreleriniň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukman işgärleriniň bir topary 2016-njy ýylda Hyrat welaýatynyň Turgundy obasynda Türkmenistan tarapyndan gurlan çaga dogrulýan öýünde lukmançylyk-maslahat beriş kömegini amala aşyrmak üçin şu ýylyň 15-nji maýynda ynsanperwer kömek hökmünde gider.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik däp-dessurlara we ýörelgelerine esaslanýan bu giňişleýin ynsanperwerlik çäresi Türkmen döwletiniň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hyzmat edýär.