TÜRKMENISTAN – ÝEWROPA BILELEŞIGI: SEBIT WE ÄHLUMUMY HOWPSUZLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK

29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik diňe bir ýurdumyzyň bu iri döwletara birleşme bilen gatnaşyklarynda däl, eýsem hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we meýdançalaryny açýan geljekki sebit gün tertibi bilen bagly ähmiýetli waka boldy. 

Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçysynyň bu gepleşigi öňe sürmek bilen, Türkmenistanyň Prezidentine sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmak we baha bermek baradaky teklipler bilen ýüzlenmeginiň özi inkär edip bolmajak azyndan üç zady aýdyňlygy bilen tassyklaýar, ýagny:

-                   birinjiden, ýurdumyzyň abraýy, onuň Merkezi Aziýada we onuň araçäkleşýän zolaklarynda howpsuzlygyň hem-de ösüşiň ileri tutulýan meselelerini çözmekdäki ornunyň we mümkinçiliginiň ykrar edilmegi;

-                   ikinjiden, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda ÝB-niň gyzyklanmalary;

-                   üçünjiden, şunuň ýaly hyzmatdaşlygyň özara bähbitlere we onuň sebitiň ýagdaýyna edýän netijeli täsirine düşünilmegi.

Türkmenistanyň ÝB bilen bilelikdäki işleri üçin hereketleriň meýdançasynyň örän giň gerimlidigi aýdyň. Şol gatnaşyklaryň hatarynda Merkezi Aziýa sebitinde we  onuň çäkleşýän zolaklarynda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny ýerine ýetirmek, energetika howpsuzlygy, ulag, ekologiýa, suw serişdelerini peýdalanmak meseleleri bar.

Sebitiň gapma-garşylyklardan we dawalardan azat, geljegi uly ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlyk merkezi, Aziýanyň hem-de Ýewropanyň arasyndaky dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň hem-de hyzmatdaşlygyň yklymara baglanyşygynyň wajyp bölegi hökmündäki umumy nukdaýnazarlara gabat gelmek bilen, Türkmenistanyň we ÝB-niň bu ähmiýetli ugurlar babatynda strategik maksatlarynyň hem-de bähbitleriniň gabat gelýändigini bellemek möhümdir.

Muňa aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan” Bilelikdäki komitet, Parlamentara dialogyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky konsultatiw duşuşyklaryň we aýry-aýry meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmeginiň möhümligini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki sebitara gatnaşyklaryň bu ugurda nusgalyk bolup, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasaty we howpsuzlygy babatdaky meseleler boýunça ýokary derejeli Dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeliligini nygtady. Olar sebitiň durnukly ösüşi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Owganystandaky ýagdaýlar gepleşikleriň derwaýys ugurlarynyň biri boldy. Geçen ýakyn döwrüň içinde bu ýurduň içerki syýasatynda bolup geçen üýtgeşmelere garamazdan, Türkmenistan owgan halky bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk ygrarly bolmak bilen, oňa bu ýagdaýlaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagyna itergi berjek hemmetaraplaýyn ykdysady hemaýatyny hem-de ynsanperwerlik goldawyny berýär we mundan beýläk-de ýardam bermegini dowam eder. Goňşy hem-de bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň tiz ýola goýulmagy üçin degişli gatnaşyklara we şertleriň döredilemgine ýardam etmäge taýýardyr.

Şunda owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleriň taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle-de Owganystany Türkmenistan bilen birleşdirýän demir ýollaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek esasy çözgütleriň biri bolup durýar. Owganystanyň  häkimiýeti tarapyndan girizilen täze şertlerde bu we beýleki iri taslamalary goldamaga, şeýle-de olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge taýýardygynyň tassyklanylmagy möhüm waka boldy. Şunuň bilen baglylykda, Owganysatny häzirki zaman ählumumy ykdysady hakykata birleşdirmek ugrunda Türkmenistan ÝB bilen meňzeş garaýyşlara eýe bolup, bu maksatlara ýetmekde bilelikde netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

Şunda Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş etmek bilen, döwlet gurluşynyň kabul ederlikli görnüşleriniň tapylmagy netijesinde hem-de bu ýurtda ýaşaýan ähli etniki toparlaryň giňden gatnaşmagynda hukuk giňişliginde täze milli edaralaryň kemala geljekdigine ynam bildirýär. 

ÝB-niň baştutany bilen söhbetdeşlikde Owganystana ýardam etmekde halkara derejeli düzümler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň, ÝHHG-niň we ÝB-niň tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Owganystandaky dartgynly ýagdaýlar bilen baglylykda gepleşikleriň ýene bir möhüm temasy, ol hem bosgunlaryň we migrantlaryň ýagdaýydyr.

Biziň ýurdumyz bu ugra aýratyn üns bermek bilen, migrasiýa meselelerini çözmek boýunça köptaraplaýyn tagallalara işjeň gatnaşyjy bolup çykyş edýär. Ýurdumyz bosgunlaryň onlarça müňüsini kabul edip, olara Türkmenistanyň çäginde ýaşamak üçin howpsuz şertleri döredip, ähli zerurlyklar bilen üpjün etdi.

Bu hereketler halkara jemgyýetçiliginde, şol sanda Ýewropa Bileleşiginde ýokary bahalanýar. Birleşigiň alyp barýan işinde migrasiýa düzümi gymmatlyk syýasatynyň ileri tutulýan esaslarynyň hataryna girýär.

Şonuň üçin-de bu ulgamda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk tebigy häsiýete eýe bolup, ol migrasiýa meselelerini dünýä derejesinde çözmekde ähmiýetli goşant goşup biler.

Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, şunuň ýaly çylşyrymly ynsanperwerlik ýagdaýlaryny oňyn çözmekde uly tejribä eýedir hem-de hiç wagt bu işlerden daşda durmady we bu babatda ýewropaly kärdeşleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardyr.

Türkmen-ýewropa özara hereketleriň möhüm we geljekki ugurlary, ol hem Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini we onuň sebitde durnukly syýasy gatnaşyklary ösdürmek babatdaky parahatçylyk söýüjilik mümkinçiliklerini peýdalanmakdan, şeýle-de ygtybarly syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ulgamyny döretmekden ybarat.

Şu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti söhbetdeşiniň ünsüni Owganystanyň taryhyndaky ýakyn döwre çekdi. 1996-2001-nji ýyllarda ýurduň çäkleriniň 90 göterimi “Taliban” hereketiniň garamagynda bolan goňşy döwletiň çylşyrymly döwürleri boldy.  Şonda Türkmenistan Owganystandaky çylşyrymly içerki syýasy ýagdaýlara garamazdan, 1999-2000-nji ýyllarda  Aşgabatda “Taliban” hereketiniň hem-de “Demirgazyk Alýansyň” arasynda gepleşikleriň dördünji tapgyrynyň geçirilmegini gurady. Şol gepleşikleriň Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilendigini we taraplaryň ikisiniň hem geňeşmeleriň netijeli bolandygyny ykrar edendiklerini bellemek gerek.

Şunuň ýaly tejribelere salgylanmak bilen, Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gatnaşyklarynda sebitleýin parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmegiň häzirki tapgyrynda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň sebit merkeziniň işine ýewropaly hyzmnatdaşlar tarapyndan goldaw berilse, maksadalaýyk bolar. Çünki BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen, öňüni alyş diplomatiýanyň usullary arkaly Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly kararnamalaryň taslamalaryny biragyzdan goldaýandygyny beýan etdi.

Umuman, Türkmenistanyň Prezidenti bilen ÝB-niň ýolbaşçysynyň arasynda geçirilen söhbetdeşlik hyzmatdaşlygy we özara hereketleriň gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendigini görkezdi. Türkmenistan üçin Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar häzirki wagtda we geljekde hem ýurduň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Iki tarapda hem hyzmatdaşlygyň anyk görkezijileri we ileri tutulýan ugurlary, birek-birege zerurlyk düşünjesi bardygy aýdyňlygy bilen belli.  Bu günki gün Türkmenistanyň ÝB bilen toplumlaýyn dialogynyň möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da ysnyşykly we hil taýdan täze derejelere çykarjakdygyny aýtmaga esas bar. Elbetde, bu Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen deň hukuklylyga we bitaraplygynyň hormat goýulmagyna esaslanýan gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirmeli däldir.

 

 

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi