Türkmenistan Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy

2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistan 1998-nji ýylyň sentýabrynda Baku şäherinde kabul edilen Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy.

Resminamanyň maksady Ýewropa sebitinde, Gara deňizde, Kawkazda, Hazar deňzinde we Aziýada ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag aragatnaşygyny ösdürmekden, şeýle hem  harytlaryň halkara gatnawyny öňe sürmek we ýeňilleşdirmek, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag syýasatyny sazlaşdyrmak we ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmekden ybarat bolup durýar.