Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi. 

Özbegistanyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny hem-de wekiliýet agzalaryny mübärekläp, hormatly Prezidentimize Özbegistana gelmek hem-de YHG-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoşniýetli arzuwlaryny hoşallyk bilen kabul edip, öz nobatynda, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ägirt uly goşandyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny belläp, YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çakylygy hem-de şu saparyň barşynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.  

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda durnukly ösüşi gazanmak boýunça çözgütleriň bilelikdäki ugurlaryny işläp taýýarlamak hem-de sebitde abadançylygy has-da ýokarlandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikdäki tagallalary zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna indi köp ýyllaryň dowamynda agza döwletleriň umumy bähbitlerine wekilçilik edýän netijeli meýdança hökmünde baha berýändigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyny, onuň üsti bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewi doganlyk ýurduň YHG-nyň 16-njy sammitine başlyklyk etmegi bilen gutlady we ýokary derejedäki mejlisiň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu günki duşuşygyň netijeleriniň gurama agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine we ýurtlarymyzyň arasynda köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklary giňeltmekde möhüm tapgyr bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary açylýan mümkinçilikleri hem-de geljek üçin bilelikdäki ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy, abraýly düzümleriň çäklerinde, şol sanda YHG-nyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de özara bähbitlilik esasynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, deňhukuklylyk, hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri bolsa onuň esasyny düzýär.