Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmalar geçirildi

2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we seljerdiler. Wajyp sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşyldy.

Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli ösýändigini nygtady hem-de muňa iň ýokary we ýokary derejelerdäki syýasy dialogyň ýardam edýändigini belledi.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda döredilen Parlamentara dostluk toparyna berilýän möhüm orun barada nygtaldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigi bellenildi, energetika, ulag-logistika, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň 30-njy noýabry 12-nji dekabry aralygynda Dubaýda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 28-nji mejlisiniň (COP 28) üstünlikli geçirilmegi arzuw edildi.