TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO-NYŇ AGZALYGYNA KABUL EDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) goşulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.

Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşmakdan başlandy.

Soňra “Türkmenistan - ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli komitetleriniň wekilleri, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahaty Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew açdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowa söz berildi.

Çykyşynyň başynda R.Meredow maslahata gatnaşyjylary şanly sene - Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini nygtady.

Şeýle hem otuz ýylyň dowamynda Türkmenistanyň medeni mirasy gorap saklamak, bilimi, ylmy ösdürmek we halklaryň arasynda parahatçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerini ýola goýmak boýunça ählumumy tagallalara işjeň gatnaşýandygy bellendi. Türkmenistan medeni we tebigy mirasy goramak, saklamak we wagyz etmek işlerine işjeň gatnaşýar.

Çäräniň dowamynda BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Rune Kastberg, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç. Rüstemowa, Türkmenistanyň Bilim ministri G.Ataýewa we başgalar çykyş etdiler.

Şeýle hem ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň birinji orunbasary Sin Tsýuýuň, ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory Golda El-Huriniň, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Wladimir Rýabiniň, ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň direktory Tao Çžanyň wideoýüzlenmeleri diňlenildi.

Maslahatda çykyş edenler, Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başlanan asylly işleri üstünlikli dowam etdirmeginiň netijesinde Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen gurluşlary, hususan-da ÝUNESKO - Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen özara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň bu ugurda netijeli işleri alyp barýandygy mälim edildi.

Bu işiň aýdyň mysaly hökmünde, geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy bilen ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna “Türkmeniň keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” we“Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirayň görnüşleri bilen doldurylandygy bellendi.

Hyzmatdaşlyk döwründe Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň 13 sany esasy halkara resminamasyna goşulandygy, olaryň arasynda “Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky” konwensiýasyny tapawutlandyrmak zerur bolup durýar. Bu Konwensiýanyň esasy ýörelgelerine laýyklykda şu wagta çenli Türkmenistanyň çäginde 1000-den gowrak taryhy we medeni ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Ilkinji desgalaryň arasynda 1999-njy, 2005-nji we 2007-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Gadymy Merw”, “Köneürgenç” we “Nusanyň Parfiýa galalary” ýaly ähliumumy adamzat ähmiýetli 3 ýadygärlik girizildi.

“Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça ÝUNESKO-nyň konwensiýasynyň” çäginde, Türkmenistan tarapyndan hödürlenen 8 sany maddy däl medeni mirasyň ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizildi.

Soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa "Türkmenistan - ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk" atly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan ýüzlenme kabul edildi, onda taryhy we medeni ýadygärlikleri aýawly gorap saklamagy we wagyz etmegi, şeýle hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän döwletimiziň öňe süren netijeli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan giň goldaw alandygy nygtalýar. Bularyň hemmesi Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň we umumadamzat siwilizasiýasynyň beýik ideallarynyň ýeňşi üçin medeni we ylmy diplomatiýanyň ýeňşiniň aýdyň subutnamasydyr.